icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 iýun 2017

977

Aşgabatda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 49-njy mejlisi geçirilýär

2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 49-njy mejlisi öz işine başlady. Ýörite iş toparynyň bu mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.

Mejlisiň işine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýtleri türkmen paýtagtyna geldi.

Maslahatyň ilkinji gününiň dowamynda wekiliýetler öz döwletleriniň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň aýry-aýry düzgünleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda Hazaryň halkara-hukuk derejesini kesgitlemek boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamakda ep-esli öňe gidişlik gazanyldy. Kenarýaka döwletleriň özygtyýarly hukuklaryna hormat goýmagyň esasynda olaryň işiniň möhüm meselelerini kadalaşdyrýan binýatlaýyn halkara ylalaşygy bolan konwensiýanyň esasy ugurlary ylalaşyldy. Resminamanyň taslamasy şeýle hem özüne gämiçilik, daşky gurşawy goramak we tebigatdan, hususan-da, Hazaryň biologiki serişdelerinden hem-de onuň düýbüniň mineral serişdelerinden rejeli peýdalanmak ulgamynda halkara hukugynyň häzirki zaman ýörelgelerini we kadalaryny birleşdirýär.

2-nji iýunda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň mejlisi öz işini dowam etdirer.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi