icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 fewral 2022

1253

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Dialog –parahatçylygyň kepili» temasy boýunça tegelek stol

2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Wena şäheriniň Diplomatik akademiýasynda «Dialog –parahatçylygyň kepili» temasy boýunça tegelek stol geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren «Dialog –parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Çärä Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary, Ilçiler, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ýurduň sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özarabähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekdäki işjeň we oňyn ähmiýetiniň beýany bolup durýandygyny nygtadylar. 

Öz çykyşynda türkmen tarapy «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýylyň dowamynda hem halkara jemgyýetçiliginiň sebitleýin howpsuzlygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň, ýuduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň derwaýys şerti hökmünde türkmen bitaraplygynyň mazmunyna we ornuna berýän ähmiýetiniň has-da giňeldilmegine gönükdirilen ençeme çäreler geçiriler.

Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçisi şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mazmunynda iki ýurduň arasynda ýetilen sepgitler, şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň özboluşyllygy, onuň türkmen halkynyň taryhy we dessurlary bilen baglanşygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi.

Mundan başga-da, maslahatyň barşynda bitaraplygyň türkmen we awstriýa nusgalarynyň meňzeşlikleri we tapawutlary, şonuň ýaly-da syýasy, söwda, ykdysady, ynsanperwer, ylmy-tehniki we medeniýet ulgamlaryndaky giň gerimli türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has hem ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tegelek stoluň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallaryň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi