icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 fewral 2022

1309

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda (Moskwa ş.) resmi saparda boldy.

Saparyň barşynda birnäçe duşuşyklar geçirildi we olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde toplumlaýyn ösdürilmeginiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara mümkinçilikleriň nazarda tutulmagynda olaryň işjeňleşdirilmeginiň wezipeleri hem-de meýilnamalary kesgitlenildi.  

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýanyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatynda pikir alyşyldy. Söhbetdeşleriň nygtaýşy ýaly, bu günki günde türkmen-rus gatnaşyklary durnukly, strategiki häsiýete eýe bolmak bilen, iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda ösdürilýär. Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ysnyşykly hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda täze derejä çykarylandygy, yzygiderli we maksadaokgunly ösdürilýändigi bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň otuz ýyllygynyň bellenilmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdiler. Nygtalyşy ýaly, bu waka köpasyrlyk türkmen-rus taryhynda täze tapgyr bolmak bilen, köp babatda häzirki gatnaşyklaryň işjeň, özara hormat goýulýan we deň hukuklylyk häsiýetlerine eýe bolmagyny üpjün etdi. 

Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekiliýetiň agzalary bu şanly senä bagyşlanan fotosergä aýlanyp gördüler.

Taraplar iki ýurduň arasynda işjeň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam edilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi boýunça tagallalarynyň işjeňleşdirilmegi babatynda ylalaşdylar. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işleri boýunça komitetiniň Başlygy G.Karasin bilen geçirilen duşuşygynyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygyny has hem ösdürmegiň we giňeltmegiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi we oňa häzirden taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu çäre sebitiň ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegi babatynda dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda äýratyn ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Moskwa resmi saparynyň barşynda onuň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň GDA gatnaşyjy ýanaşyk ýerleşen döwletler bilen RF-niň serhediniň delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça Ýörite wekili, Hazar deňzi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.Petrakow bilen hem duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň özara hereketleri Hazarda dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, Hazar sebitiniň Ýewraziýada ykdysady, ulag-logistiki, energetiki we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwrülmegine ähmiýetli goşandyny goşýar. Şu nukdaýnazardan, taraplar şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriniň altynjy sammitiniň derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu çärä taýýarlyk görmek we ony üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hereket etmek babatynda ylalaşdylar.  

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary I.Nematow bilen hem duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň soňky döwürde ykdysadyýetde, sebagat hyzmatdaşlygynda, iri göwrümli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegine gönükdirilen täze hil derejesine eýe bolandygy bellenildi.

Şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary bilen baglylykda, olarda GDA-nyň missiýasynyň synçylarynyň işiniň guramaçylygynyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde şeýle-de Türkmenistanyň we RF-niň DIM-leriniň arasynda şu ýyl üçin gol çekilen hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki geňeşmeler geçirildi. 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň jemleri hem-de geçirilen ikitaraplaýyn türkmen-rus gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle-de aşakdaky resminamalara gol çekildi:

- Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketleriniň «Ýol kartasy»;

- 2022-2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň Meýilnamasy;

- Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi