Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Milli Liderimiz bu ýere “Astana EKSPO —2017” atly halkara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden Garaşsyzlyk köşgüne tarap ugraýar. Bu ýerde Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew öz kärdeşini güler ýüz bilen, dostlarça garşylaýar.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany belent mertebeli myhman bilen salamlaşyp, Türkmenistanyň Baştutanyny Astanada kabul edýändigine örän şatdygyny aýtdy. Gazagystana gelip görmek hem-de “Astana EKSPO — 2017” serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Prezident Nursultan Nazarbaýew iki goňşy döwletleriň we halklaryň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, öz kärdeşini Bütindünýä sergisi ýaly möhüm we iri çäräniň geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň mowzugynyň örän derwaýysdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ulgamda gazanan üstünliklerini, ýurdumyzyň işläp taýýarlamalaryny görkezmek babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol üstünlikler we işläp taýýarlamalar biziň ýurdumyzyň 10-njy iýunda açylýan milli sergi merkezinde görkeziler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, işewür we ynsanperwer, ylmy gatnaşyklary höweslendirmek barada pikirlerini beýan etdiler. “Astana EKSPO — 2017” halkara ýöriteleşdirilen sergi hem hut şoňa ýardam etmäge gönükdirilendir.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Nursultan Nazarbaýewi Aşgabada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gelmäge çagyryp, Gazagystanyň Lideriniň hemişe ýurdumyzyň arzyly myhmany bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Prezident Nursultan Nazarbaýew Aziada — 2017-ä çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ähli ulgamlarda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny belledi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz we Astananyň beýleki hormatly myhmanlary sergi toplumynyň çägine, onuň esasy desgasyna — “Nur-Älem” bölümine tarap ugraýarlar. Bu bölüm sfera görnüşindäki ägirt uly bina şekilindedir.

Bu ýerde, VIP zalynda belent mertebeli myhmanlary ýene-de Gazagystanyň Lideri Nursultan Nazarbaýew mübärekledi. Ol myhmanlara sergi toplumynyň merkezi bölegi, EKSPO — 2017-niň binagärlik nyşany — “Nur-Älem” bölümi bilen tanyşdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar Gazagystanyň bölümine syn edip, onuň öňündäki Baş meýdança çykdylar. Bu ýerde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni serginiň çägi boýunça Kongres-merkezine bardy. Şol ýerde EKSPO — 2017-niň açylyş dabarasy ýokary tehnologiýaly şüweleňden başlandy. Onuň maksatnamasy Älemiň emele gelmeginden başlap, häzirki döwre çenli energiýanyň taryhyndan düzüldi. Sahnada giň möçberli kinetiki bezegler, transparent yşykly diod ekranlar we aralykdan dolandyrylýan dronlar ýaly innowasion tehnologiýalar ulanyldy.

Dabaraly agşam konsert maksatnamasy hem-de “Nur-Älem” sferasynda multimediýaly yşyklar şowhuny bilen dowam etdi. Dabara sergi toplumynyň çägini gurşap alan baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlandy.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada saparda bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp we täze duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri barada aýdyp, iki ýurduň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklaryny bellediler. Şol başlangyçlar bolsa XXI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösüşi üçin ygtybarly esasy döretmäge, halklaryň hem-de döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunda söhbetdeşler ýurtlaryň ikisiniň hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar. Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde sport ulgamynda netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklary ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň döwlet bähbitlerine we durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2017-nji ýylyň 10-njy iýunynda Prezident Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy bilen Astanada iş sapary bilen bolýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Astana EKSPO–2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisinde Türkmenistanyň Milli sergi merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Biziň sergi merkezimiziň ýöriteleşdirilen halkara sergisinde ilkinji bolup açylandygyny bellemek gerek.

EKSPO-2017 sergiler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara gutlag bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz «Astana EKSPO–2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň başlamagy hem-de Türkmenistanyň Milli sergi merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu ägirt uly çäräniň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna üstünlikli işlemegi arzuw edip, bu Sergä gatnaşmaga çagyrandyklary üçin, Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Soňra söz gezegini Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin aldy we Türkmenistanyň sergisiniň hemme gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda iň ulularynyň biri bolup durýar we bir müň inedördül metr meýdany tutýar diýip belledi. Ol bu serginiň Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda mümkinçiliklerini açyp görkezýär we  Astananyň myhmanlaryna hem-de Gazagystanyň ýaşaýjylaryna türkmen halkynyň baý milli medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berer diýip ynam bildirdi.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sergi merkeziniň girelgesinde toý bagyny kesdi hem-de içine girip, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary bilen tanyşdyrylýan giňişleýin sergini synlady.

«EKSPO–2017» sergisinde üç aýyň dowamynda biziň ýurdumuzyň aýdyň görkezijisi boljak Türkmen Milli sergi merkezi bilen tanyşlygyny tamamlap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasarynyň ugratmagynda howa menziline ugrady we ol ýerden Aşgabada uçdy.