icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 aprel 2022

1112

Türkmenistanyň DIM-de MHG-nyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen bilelikde 2022-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalarynyň meýilnamasynyň» amala aşyrylmagynyň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler.

Şunlukda, adam söwdasyna garşy göreşmek hem-de migrantlara kömek bermek, şeýle-de tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleriň dolandyrylmagy özara hereketleriň derwaýys ugurlary hökmünde bellenildi. 

Mundan başga-da, özaragatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «MHG-ny ösdürmek gaznasyny» goldamagyň derwaýyslygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň milli bölegini durmuşa geçirmek arkaly MHG-nyň dürli ähmiýetli sebitleýin taslamalaryna işjeň gatnaşýar.  

Howpsuz, kadalaşdyrylýan we hukuk migrasiýasy hakyndaky Global şertnamanyň kabul edilmeginiň öz wagtyndalygy beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, W.Hajiýew Türkmenistanda Migrasiýa hakyndaky Global şertnama boýunça Meýletin milli synyň taýýarlanylandygyny hem-de onuň MHG-na we ESKATO ugradylandygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti MGŞ-nyň ýerine ýetirilişine syn bermek boýunça ESKATO-nyň Sebitleýin maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde hasabatyny beýan etdi. 

Türkmen tarapy şonuň ýaly-da, şu ýylyň 17-20-nji maýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek Migrasiýa meseleleri boýunça Global Forumyň işine gatnaşmagy hem göz öňünde tutýandygy barada habar berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi