Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halkyna ýollan abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmana hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly häsiýetini belledi.

Prezident Rustam Minnihanow mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene bir gezek gutlap, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy, dünýä siwilizasiýasynyň gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň şöhratyna şaýatlyk edýän dabaralara gatnaşmaga örän şatdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa, onuň iri sebitleri we senagat merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy. Muny biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan özara ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygy hem tassyklaýar.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, muňa ýurtda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň ýardam berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň soňky ýyllarda sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda uly tejribe toplandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki zaman tehnologiýalary ulgamynda bu öňdebaryjy tejribäni peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyna seljerme geçirýär.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu saparyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini tassykladylar hem-de doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdiler.