icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 iýun 2017

873

Aşgabatda türkmen-wenger syýasy geňeşmeleri geçirildi

2017-nji ýylyň 15-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligindäki Döwlet sekretary Iştman Mikola baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy. Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, geljekde bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda, ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi we  gazanylan ylalaşyklary geljekde durmuşa geçirmekde taraplaryň meýilleri bellenilip geçildi. Iki ýurduň arasyndaky özaragatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen türkmen tarapy Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň arasynda

Wenger kompaniýalarynyň Türkmenistana maýa goýumlary amala aşyrmakdaky gyzyklanmalary barada aýdyp, j-p Mikola ykdysady çygryndaky hyzmatdaşlygy geljekde giňeltmekde gyzyklanmalaryny barada aýtdy. Taraplar energetika, bilim sport we syýahatçylyk çygyrlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy  giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi saglygy goraýyş pudagyndaky özaragatnaşyklaryna berildi. Oba we suw hojalyk çygyrlarynda ylmy-hünär alyş-çalşygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen dürli derejelerdäki duşuşyklaryň möhümdigini aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi