Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

2022-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, hoşniýetli gutlaglar üçin oňa minnetdarlyk bildirdi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Taraplaryň gatnaşyklaryň täze, netijeli gurallaryny hem-de ugurlaryny gözlemäge, şeýle-de ony syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly, netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanda 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň resmi taýdan açylmagy bilen, özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini we onuň täze mazmun easynda üstüniň ýetirilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berilýändigini ýene-de bir ýola nygtap, taraplaryň hyzmatdaşlygyň geljekde-de berkidilmegine we ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryna kanagatlanma bildirdi.