icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýun 2017

1307

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri barada Brifing

2017-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri barada Brifing geçirildi.

Brifingiň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Brifinge gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk esasynda guralan hem-de oňa Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň, Täjigistan Respublikasynyň içeri işler ministriniň, Gazagystan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň, Aragatnaşyklar boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň we agentlikleriniň işgärleriniň gatnaşmaklarynda BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny Merkezi Aziýada amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa bilen BMG-niň dialogyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşygy barada giň maglumatlar bilen tanyşdylar.

Brifingde çykyş edenler BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny Merkezi Aziýada amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa bilen BMG-niň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin derejede Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji özboluşly resminamasy bolan Merkezi Aziýada Hereketleriň Bilelikdäki Meýilnamasynyň (HBM) ýerine ýetirilşiniň işleriniň netijelerine ýokary baha berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi