Aşgabatda birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady.

Forum başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýdular.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow ýygnanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Soňra GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko giriş sözi bilen çykyş etdi.

Forumda şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy M.S. Aşimbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygy T.T. Mamytowyň, Täjigistan Respublikasynyň Ýokarky Ýygnagynyň Milli Geňeşiniň Başlygy R. Emomaliniň we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy T.K. Narbaýewanyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda bellenilişi aýly, “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatdaky gepleşikleri täze ölçeglere, şol sanda parlamentara görnüşine eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi dürli ugurlar boýunça täze mümkinçilikleri açmak bilen, özara gatnaşyklaryň täze tapgyryny emele getirýär.