Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň netijeleri jemlendi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabadyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işini tamamlady.

Forumyň dowamynda üç ugur boýunça: «Döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk», «Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak – öňe gidişligiň ygtybarly usulydyr», «Daşky gurşawyň abadançylygy we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda aşakdaky resminamalara gol çekildi:

- Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

 - Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň milli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk.

Resminamalara Türkmenistandan Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow, Russiýa Federasiýasyndan Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko hem-de Täjigistan Respublikasyndan Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustami Emomali dagylar gol çekdiler.

Forumyň jemleýji mejlisinde plenar mejlisleriň işleriniň netijeleri jemlendi hem-de «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasy» kabul edildi.