Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň ähmiýeti

Belläp geçilişi ýaly, Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işini dowam edýär. Mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň möhüm ähmiýeti bellenildi, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegindäki döwletleriň gazanan üstünlikleri barada nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryk boýunça Gün tertibine, Ählumumy maksatlary gazanmak boýunça Hereketleriň onýyllygyna, Pekin Jarnamasyna we Hereketleriň platformasyna hem-de beýleki BMG-nyň howandarlygynda işlenip taýýarlanylan halkara resminamalaryna özleriniň ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça özara bähbitli hem-de uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigi bellenip geçildi.

Şeýle hem zenanlaryň howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijeleri, daşky gurşawyň erbetleşmegi ýaly ählumumy howplaryna garşy göreşmekde hem-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiniň, saglygy goraýyş we bilim meseleleriniň çözülmegine öz işjeň hereketleri we täze pikirleri bilen uly goşant goşýandyklaryna aýratyn üns berildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge taýýardyklary barada aýdyldy we bu syýasat Dialogyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi.