icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýun 2017

1289

Wenada Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2017-nji ýylyň 14-nji iýunynda Wenada Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Wenanyň diplomatik akademiýasynyň müdiriýeti tarapyndan gurnaldy.

Awstriýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, Awstriýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň, Awstriýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri, Wenanyň diplomatik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary, Awstriýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, metbugat we elektron neşirleriň habarçylary Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaranyň gadyrly myhmanlary boldular.

Wenanyň diplomatik akademiýasynyň rektory Ilçi Hans Winkler, Awstriýanyň DIM-niň Gündogar we Demirgazyk Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa Departamentiniň başlygy Katarina Wizer, Türkmenistanyň Aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi Sapar Berdiniýazow, Awstriýanyň Ykdysadyýet, ylym we derňew Federal ministrliginiň halkara ykdysady gatnaşyklary boýunça Baş direktory Frans Wessig, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi hem-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň Prezidenti Neda Berger maslahatda çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barmaga ýardam edýän Türkmenistanyň we Awstriýanyň parahatçylyk söýüjilikli bitaraplyk syýasatyna oňyn baha berildi. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr gününiň Halkara bitaraplyk güni diýip yglan edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň öňdebaryjy maksatlary barada belläp, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlarynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Maslahatdan soň türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Dabaraly çäresiniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligi döredilip, kabul edişlige çagyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi