icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 iýun 2017

1429

Türkmenistanda AHHG-niň ştab-kwartirasy açyldy

Belli bolşy ýaly 16-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň 2017-2019 ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen bagly resminamalaryň toplumyna gol çekdi. Hususan hem, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy baradaky Düzgünnama laýyklykda AHHG-niň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi, onuň düzümi, şeýle hem «Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti baradaky Düzgünnama» tassyklanyldy.

2017-nji ýylyň 19-njy iýunynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiň binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.  Ýerine ýetiriji komitetiniň binasynyň öňünde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň dörediji-ýurtlary bolan – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet baýdaklary galdyryldy.  Soňra çärä gatnaşyjylar Ýerine ýetiriji komitetiň merkezi diwanynyň netijeli hereket etmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Şol gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti» ady bilen halkara maslahaty geçirildi. Forum ýurdumyzyň 2017-2019 ýyllarda AHHG-da başlyklyk etmeginiň çäginde guraldy.

Maslahatyň işine ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ÝHHG-niň, BMG-niň ÖM-niň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropada abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri hem-de Türkmensitanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan çärä Daşary işler ministrliginiň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we Ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň dürli ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Gatnaşyjylaryň çykyşlarynda AHHG-niň işiniň dürli nukdaýnazarlary, Aral meselesi bilen baglanşykly heläkçilige garşy göreşmäge we Aral ýakasynda ekoulgamyň hatardan çykmagynyň öňüni almaga, Merkezi Aziýa sebitinde biodürlüligiň, daşky gurşawyň goralmagyna, tebigy serişdeleriň durnukly ulanylmagyna, sebitiň halklarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine gönükdirilen işiniň dürli ugurlaryny açyp görkezdiler. Şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işinde halkara guramalaryň ornuna garaldy, bilermen we donor goldawyny çekmek bilen bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi