icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 iýun 2017

1001

Türkmenistanyň DIM-nde «BMG-MA: sebitleýin integrasiýsyny giňeltmegiň taryhy, ykdysady we sosial aspektleri» atly tegelek stol geçirildi

2017-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Birleşen Milletler Guramasy – Merkezi Aziýa: sebitleýin integrasiýasyny giňeltmegiň taryhy, ykdysady we sosial aspektleri» atly tegelek stol geçirildi. Tegelek stolunyň gurnaýjylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň edarasy bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy.

Çärä Türkmenistanyň dürli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan,  Ylymlar akademiýasyndan, ýurduň birnäçe ÝOM-niň ýolbaşçylary,  Türkmenistanyň Demoktarik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» işiniň dowamynda MA ýurtlarynyň BMG bilen sebitleýin hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň gidişi, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek arkaly, parahatçylygy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň strategiki ähmiýeti, şeýle hem MA sebitiniň sebitleýin integrasiýasyny we ykdysady ösüşini giňeltmekde infrastruktura taslamalarynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatşyldy. Gepleşikleriň dowamynda seredilen meseleler boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň ýurduň häzirki zaman taryhynda oňyn ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn özaragatnaşyklaryna degişlilikde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny bellediler.

Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Türkmenistana bolan ilkinji üstünlikli saparyndan soňra dessine geçirilmeginiň wajypdygyny we onuň netijeleriniň jemlerini jemleýändigini bellediler. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Merkezi Aziýada sebitleýin integrasiýasyny giňeltmekde Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyna üns çekildi we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryndaky strategiki ähmiýeti barada aýdyldy. Mundan başga-da Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň daşary syýasatynyň gadymy Ýüpek ýolunyň ugurlaryny häzirki zaman aragatnaşyk we logistika serişdeleri bilen dikeltmäge gönükdirilen sebitleýin integrasion ugrukdyrylmasy halkaryň we medeniýetleriň arasynda adamzadyň ynsanyýetçilikli ideallary siwilizasiýara gatnaşyklary özara baýlaşdyrylmagyna hyzmat edýändigi beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi