Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma bildirip hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz tüýs ýürekden gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandy, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan netijeli bilelikdäki işi üçin azerbaýjan Liderine minnetdarlygyny beýan etdi.