icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýun 2017

851

Türkmenistan – Ýaponiýa: özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäli 12-nji mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýet Ýaponiýa iş sapary bilen geldi.

Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatyndaky dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça  geçiren işine oňyn baha berildi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy bilen kanagatlanma bildirildi..

Mejlisde edilen çykyşlarda ulag, himiýa, elektrik energiýasy, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, maliýe, söwda, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda we pudaklarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösüşi bellenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäli 12-nji mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň we uniwersitetleriniň ýolbaşçylary özleriniň ýaponiýaly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi