icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 awgust 2022

1571

Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. W.I.Norow ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi, halkara giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň netijeliligi nygtaldy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara guramalaryň çäklerindäki aragatnaşygyň wajypdygyny nygtamak bilen, iki döwletiň köptaraplaýyn ulgamlardaky halkara başlangyçlaryny we tekliplerini goldamak boýunça oňyn özara tejribelerini kanagatlanma bilen bellediler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň işiniň gidişi barada aýdylanda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň,  baglaşylan halkara şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini seljermek, Hökümetara toparynyň mejlisleriniň Teswirrnamasyny durmuşa geçirmek boýunça iki ýurduň edaralarynyň arasynda duşuşyklaryň meýilnamasyny işläp düzmek we ylalaşmak üçin Toparyň Başlyklarynyň duşuşygyny gurnamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda Ulag we üstaşyr ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek  boýunça türkmen-özbek iş toparynyň hem-de Halkara awtomobil daşamalarynyň meseleleri boýunça garyşyk toparyň netijeli işleri barada nygtaldy.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda iki ýurduň raýatlarynyň konsullyk bähbitlerini üpjün etmek ugrunda hukuk binýadyny giňeltmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar. Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň wekillerine Türkmenistanyň döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen "Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikleri üçin" Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Ymamowiç Norow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilow Türkmenistanyň "Galkynyş" ordeni bilen sylaglandylar.

Döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gowşurdy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Permany bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Dustlik” (“Dostluk”) ordeni bilen sylaglandy. Sylagy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilow tarapyndan gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi