icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

22 awgust 2016

2093

Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2016-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Ýakupitiýa Kuruppu Araççige Rohanajithu bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda maslahatlaşmalary geçirmegiň meselelerine garadylar. Taraplaryň aýratyn ünsi energetika çygryndaky hyzmatdaşlyga berildi.

Şu ýyl Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýandygyny we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegini nazara alyp, taraplar bilelikdäki medeni çärelerini geçirmek boýunça teklipleri bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda dürli ugurlar boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi özaragatnaşyklaryň ähli çygyrlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin tagallalary  etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi