icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 sentýabr 2022

1043

Hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi.

Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde surata düşmek dabarasy boldy

Sammite gatnaşmak üçin Samarkanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň, şeýle-de guramanyň işine synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesinde gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Sammite halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri hem çagyryldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini açyp hem-de bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, mejlise gatnaşyjylara söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýurdumyza bildirilen şeýle hormata hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde uly mümkinçiliklere we geljege düşünmegiň, bu hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, maksada gönükdirilen derejä çykarmaga çalyşmagyň nyşany hökmünde garaýarys, diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. (Çykyş dolulygyna ýokarda ýerleşdirilendir).

Prezident Şawkat Mirziýoýew mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ŞHG-niň çäklerinde ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda, söwda, energetika ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Samarkandyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi