icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

25 awgust 2016

2292

Aşgabatda türkmen-gazak işewürler maslahaty geçirildi

2016-njy ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda türkmen-gazak işewürler maslahaty geçirildi. Işewürler maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Gazagystanyň Eksport we maýa goýumlary boýunça “Kazneks Inwest” milli agentligi tarapyndan bilelikde gurnaldy.

            Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Gazagystanyň döwlet düzümleriniň we dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen belli kompaniýalaryň 40-a golaýynyň wekilleri Türkmenistana geldi. Şeýle hem olaryň hatarynda “DOС Сo. Ltd”, “ZHERSU”, “KSP Steel”, “Mega SMART”, “ALTAMIRA”, “Kazsentrelektroprowod”, “Alýumuniý Kazahstana”,  “Almatinskiý zawod mostowyh konstruksiý”, “Kentauskiý transformatornyý zawod”, “Aktyubinskiý relsebaloçnyý zawod”, “Kazazot”, “KazFosfat” we başga-da birnäçe kompaniýalar bar.

            Türkmen tarapyndan işewür duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agazalary gatnaşdylar.

            Maslahatyň maksady söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemekden, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

            Maslahatyň çäginde, özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini jikme-jik ara alnyp maslahatlaşmak maksady bilen, iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi