icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2022

2168

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki gün tertibi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ýyl geçirilen bilelikdäki çäreleriň oňyn depginini, mazmuna baýdygyny, dürli derejedäki aragatnaşyklaryň güýçlendirilýändigini bellediler. Bu meselede ýewropaly diplomat Brýusseliň türkmen tarapy bilen işjeň gepleşikleriň giňeldilmegine ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler halkara we sebit syýasatynyň köp meselelerinde Türkmenistanyň we ÝB-niň garaýyşlarynyň meňzeşligini görkezýändigi bellenildi.

Sebitiň döwletleriniň arasyndaky konstruktiw gatnaşyklar barada aýdylanda, ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mehanizminiň netijeliligi tassyklandy.

Diplomatlar Türkmenistan bilen EUB-niň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çagyrdy.

Duşuşykda energetika we ulag pudaklary, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak we ekologiki howpsuzlygy üpjün etmek ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bu nukdaýnazardan taraplar hünär bilimi, ýaşyl energetika, daşky gurşawy goramak we ekosistemalar boýunça anyk meýilnamalary we taslamalary öňe sürmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde dowam edýän çäreleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşyp, T. Hakala, ÝB-niň syýasy we ykdysady durnuklylygy saklamaga, sebit we ählumumy ölçegde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen, ýokary derejeli duşuşyklarda we dürli halkara meýdançalarynda öňe sürýän Türkmenistanyň öňdengörüji tekliplerini we başlangyçlaryny doly derejede goldaýandygyny nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi