icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

07 ýanwar 2023

4076

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy

2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr.

5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary garşyladylar. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Dýaoýuýtaý” myhmanhanasyna tarap ugrady.

6-njy ýanwarda günüň birinji ýarymynda Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Türkmenistanyň Prezidentini Serdar Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz we HHR-iň Başlygy resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşýarlar.

Soňra iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşyk geçirildi.

Hytaý Lideri soňky onýyllykda strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, şu duşuşygyň çäklerinde gol çekmäge taýýarlanylan resminamalarda berkidilen ylalaşyklaryň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

HHR-iň Başlygy döwlet Baştutanymyza hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine berýän goldawy üçin hoşallyk bildirip, ajaýyp ýolbaşçy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen, ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza özi üçin islendik amatly wagtda Hytaýa gelip görmek baradaky çakylygy ýetirmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpine myhmansöýerlik hem-de Pekinde mähirli kabul edilendigi, döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklary köpasyrlyk taryha eýedir. Şol döwrüň tutuş dowamynda iki halkyň arasynda özara düşünişmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň ýakynlaşmagy bolup geçdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýetilen belent derejesine buýsanyp bilerler. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy, ygtybarly hukuk binýady döredildi, Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar giňeldilýär. Iki döwletiň we halkyň özara ýakynlaşmagynyň, onýyllyklary nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmagyň özboluşly nusgasy kemala gelýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň daýanç sütünini emele getirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara baý many-mazmun berýär. Şu ýyl biz bu taryhy resminama gol çekilmeginiň 10 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy” strategiýasy bilen has içgin utgaşdyrmak ugrunda çäreler işjeň alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistan bilen Hytaýa bu başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermek bilen, häzirki zaman meýillerine laýyklykda, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri ýakynlaşdyrmaga ýardam eder, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.

Däp bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa sebitine möhüm orun degişlidir. Bu babatda hem biziň ýurtlarymyzyň binýatlaýyn meýilleri ýakyndyr. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy Ýer ýüzüniň şu böleginde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine hem-de ýüze çykýan meseleleri çözmekde syýasy-diplomatik usullara ygrarlylyga esaslanýan howpsuzlygyň mäkäm ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, syýasy hyzmatdaşlygyň täze “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşiniň bu işlere oňyn goşant goşýandygyny bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmekde parlamentara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň bu gatnaşyklara biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň örän gymmatly guraly hökmünde garaýandygy bellenildi. Türkmen we hytaý parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, yzygiderli özara alyşmak iş tejribesini ýola goýmak ugrunda çykyş etmek bilen, biz şu ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk durnukly, okgunly häsiýete eýedir hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýar. Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen HHR-iň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Häzirki wagtda biz dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygynyň taslamasy içgin ara alnyp maslahatlaşylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli üstaşyr ulag hem-de logistika infrastrukturasynyň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän amatly guryýer ugruny açýar.

Netijeli syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda bilim, medeniýet, ylym, sport, saglygy goraýyş meseleleri hem möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýaşlarymyzy okuwa kabul etmäge taýýardyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hytaý diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigi nygtaldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili okadylýar.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň geçen ýyl geçirilen ХХ gurultaýy Hytaý Halk Respublikasynyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlän taryhy waka boldy.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylaryny gurultaýyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onuň döredijilikli netijeleriniň diňe bir Hytaýyň öz ösüşine däl, eýsem, tutuş dünýädäki ýagdaýlara hem ägirt uly oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Liderine Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan ägirt uly şahsy goşandy, ýurdumyz bilen gatnaşyklara berýän hemişelik ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki gepleşiklere uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, şeýle hem Türkmenistan tarapyndan Hytaýyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň goldanylýandygy üçin hoşallyk bildirildi.

Iki ýurduň “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde işjeň hyzmatdaşlyk etmegi hem biziň özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, HHR-iň Başlygy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda geçirmegi teklip etdi.

Hytaý Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada durup geçip, däp bolan ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlaryny, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryny we beýleki köp sanly ugurlary özara bähbitleriň gabat gelýän möhüm ulgamlarynyň hatarynda görkezdi.

Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üstüne uly wezipeler ýüklenilýär.

Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer ulgam, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hytaý we türkmen halklarynyň köpasyrlyk dostluk däplerine, özara ynanyşmagyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan giň gerimli döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça içgin pikir alyşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra duşuşyk çäkli düzümde dowam etdi.

Gepleşikleriň dowamynda ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de guramaga esasy çemeleşmeler beýan edildi. Özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak şol gatnaşyklaryň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Dürli derejelerde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde özara goldaw bermegiň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, taraplaryň iki dostlukly döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar hem-de şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleriniň şol maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça  ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Duşuşygyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.

Günortanlyk naharyndan soň, iki döwletiň Baştutanlary mähirli hoşlaşyp, şu gün gazanylan möhüm ylalaşyklaryň türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýene-de Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy we şol ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan hem-de HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyklary geçirdi.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komitetiň hytaý böleginiň agzalary bilen gepleşikleri geçirdiler.

Olarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, ony iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Taraplar iki ýurduň, olaryň Liderleriniň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, hormat goýmak gatnaşyklarynyň hökümetara we edaralar derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar bilen bilelikde, birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge amatly binýady döredýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlar şol ugurlaryň hataryndadyr. Bu ulgamlardaky hyzmatdaşlyk iki dostlukly döwletiň ösüş ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň çäklerindäki sazlaşykly işiň möhümdigi bellenildi. Komitetiň işi hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny ýüze çykarmaga we gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Şeýle-de şu gün ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Ýaş ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza ýaşlar barada edilýän alada, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan edip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda ata Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Bu wakadan ýadygärlik hökmünde talyplara hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby gowşuryldy.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Hytaýyň Milli muzeýine tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hytaý halkynyň baý sungatyny we geçmiş taryhyny aýawly saklamak, wagyz etmek maksady bilen döredilen dünýädäki iri muzeýiň täsin gymmatlyklaryny synlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi