icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 ýanwar 2023

2777

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy.

Ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki Jarnamanyň onýyllygyna we iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna beslenen ýylda Pekine amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirip, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen we hytaý halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmagyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň örän netijeli bolandygyny aýtdy. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjak resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energetika, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaý bilen döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belläp, türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Öz nobatynda, Li Çžanşu parlamentara hyzmatdaşlygy iki ýurduň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde görkezip, soňky ýyllarda Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasynda dürli derejelerdäki gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Hytaý hem-de Türkmenistan özara ynanyşmagyň ýokary derejesini saklamak bilen, iki ýurduň parlamentleriniň we syýasy partiýalarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirýärler. Şular barada aýtmak bilen, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi üçin islendik amatly wagtda Hytaý Halk Respublikasyna gelmegi baradaky çakylygyny beýan etdi.

Taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga ýardam berýän şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça görülýän çäreleriň netijelidigini bellediler. Munuň mysaly hökmünde ikitaraplaýyn duşuşyklary we saparlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparynyň döredilmegini görkezmek bolar.

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler “Merkezi Aziýa — Hytaý” parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de “Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar” bilelikdäki forumyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler umumy bähbitleri we ählumumy ösüşiň ýagdaýlaryna garaýyşlaryň gabat gelmegini göz öňünde tutup, türkmen-hytaý gatnaşyklaryna uly geljegiň garaşýandygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi