icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 iýul 2017

1098

Türkmenistan Paragwaý Republikasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy

         2017-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Paragwaý Republikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Paragwaý Republikasynyň hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler.

         Taraplar ikitaraplaýyn özarabähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda gatnaşyklary saklamak arkaly syýasy ugurda gatnaşyklary giňeltmek  babatda pikirleri alyşdylar. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäginde özaragatnaşyklarynyň ähmiýetine üns çekildi.

Paragwaý Republikasy Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan 145-nji döwleti boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi