Halk Maslahaty – Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni

img

24/01/2023

650

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän Maslahat köşgünde taryhy ähmiýetli möhüm syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýurduň döwlet häkimiýetiniň wekilçilik we kanun çykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň iki palataly parlamenti - Milli Geňeşiň mejlisi bolup geçdi.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuş-syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar bilen bagly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  Döwlet dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetiň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyplylygynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berildi.  Mejlise gatnaşaşyjylar häzirki zaman hakykatlaryny, dünýädäki ykdysady we syýasy ýagdaýlarynyň üýtgeýandigini nazara alyp döwlet edaralarynyň, şol sanda wekilçilik edýän guramalaryň işini gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Mejlisiň dowamynda kabul edilen möhüm çözgütleriniň biri, ol hem halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi boldy. Bu edaranyň başlyklygyna Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy.  Ol häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşine goşan uly goşandy üçin – Milli Lider adyna hem mynasyp boldy.   

Başgaça aýdylanda, iki palataly bolan Milli Geňeşiň bir palataly, kanun çykaryjy edarasyna - Türkmenistanyň Mejlisine öwrülip, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda wekilçilik edýän häkimýetiň orny güýçlendirildi.

Mundan beýläk halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda has täsirli orun eýelär. Türkmen halkynyň paýhasly pederleri işlerini edil şonuň ýaly amala aşyrypdyrlar. Geçen döwürde geňeş esasan ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň sesi has täsirli eşidilýär. Halk Maslahaty dürli ýaşlardaky jemgyýetiň wekillerini öz içine alýar. Bu, Türkmenistanda ýaşlara bagyşlanan şu ýylyň şygary bilen hem kybapdaş gelýär.

Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada aýdylanda, olar konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak, hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary öz içine alýar.

Taryhy ähmiýetli Mejlisiň dowamynda aýdylşy ýaly bu wakanyň yurdumyzda halk demokratiýasynyň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşini üpjün edip, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açar.