icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 fewral 2023

2146

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşugy barada

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen duşuşugy geçirildi.

Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejelerdäki duşuşuklaryň möhümdigini bellediler.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň hem-de parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylarynyň saparlaryny guramak mümkinçiliklerine seretmek teklip edildi.

Diplomatlar şu ýylyň 15-17-nji fewralynda Türkmenistanyň paýtagtynda nobatdaky mejlisi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işine üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetikada, ulag we nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda şu gün Aşgabatda 15-nji mejlisi geçirilýän Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada aýtdylar. Hususan-da, şu ýylyň 12-14-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilýändigi bellendi.

Diplomatlar şeýle-de şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere hem-de duşuşuklara üns çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi