icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 fewral 2023

2085

Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri jenap Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda özgermegini dowam edýän giň tejribä we deňhukuklyga, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler.

Taraplar ýokary derejeli duşuşyklaryň, hususan-da, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde netijeli we özara ynama esaslanýan gepleşikleriň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ministrler ykdysady gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda bolsa energetika, ulag we üstaşyr ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. R.Meredow sebitleriň ýakynlaşmagy ugrundaky ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň göwrümini ýokarlandyrmagynyň meselelerini beýan etdi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy söwdanyň oňyn ösüşi bellenilip geçildi. Bu nukdaýnazardan, bar bolan berk kuwwatyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça taraplar özara haryt dolanyşygynyň göwrümini ýokarlandyrmaga itergi bermegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işine-de üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi