icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

16 fewral 2023

2156

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi.

Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Bu sergi olara ýurdumyzda öz önümlerini görkezmäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge başlangyç meýdança boldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze itergi berilýändigi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi bellenilýär. 

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministri Soulat Mortazawi dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Ol iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, aýratyn-da, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny hemişe nygtaýandyklaryny hem-de dürli derejelerde wekiliýetleri alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge syýasy taýdan tagalla edýändiklerini nygtady.

Köptaraply iri serginiň esasyny önümçilik tehnologiýasynda iň täze ylmy-tehniki gazananlary ulanýan EYR-nyň senagat kärhanalarynyň diwarlyklary düzüp, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gelýän köp sanly adamlar onuň bilen giňişleýin tanyşmaga, özara bähbitler esasynda geljekki meýilnamalary hem-de işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi