icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 awgust 2017

188

Aziýada-2017-niň nyşany, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň baýdaklary Ýakyn Gündogaryň iň beýik nokadynda

2017-nji ýylyň iýul aýynyň 29-da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 50 gün galmagy mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýöriteleşdirilen çäre geçirildi.

Çäräniň çäklerinde Eýranda ýerleşýän Ýakyn Gündogaryň iň beýik dag nokady bolan Dawandanda, 5671 metr belentlige Aziýada-2017-niň nyşany, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň baýdaklary galdyryldy.

Dostluk, doganlyk we birek-birege hormat goýmak äheňinde geçirilen bu çärä Gazagystan Respublikasynyň we Ukrainanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň diplomatlary we Eýranyň höwesjeň alpinistleri gatnaşdylar.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi