icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 fewral 2023

2496

Aşgabatda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk ýolbaşçylyk etdiler.

Gün tertibiniň çäklerinde taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Wekilýetler iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.

Taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada kanagatlanma bilen bellenildi.

Gepleşikleriniň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň işewürler toparlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny artdyrmak barada gepleşdiler. Munuň çäklerinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim, ylym, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi