icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

16 mart 2023

2064

Aşgabatda Türkmenistan bilen RF-nyň Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 15-16-njy martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň sekizinji mejlisi geçdi. Mejlisiň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.W.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň işine Iş toparyň agzalary, Türkmenistanyň we Tatarstan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, öňdebaryjy kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň ugurlaryny, Iş toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, nebit-gaz ulgamyndaky gatnaşyklaryň, senagat, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine seretdiler. Taraplar ylym we bilim ulgamyndaky, saglygy goraýyş we derman senagaty, sport we ýaşlar syýasaty pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek nukdaýnazaryndan, taraplar şu ýylyň dowamynda Aşgabatda we Kazanda bilelikdäki çäreleriň birnäçesiniň, şol sanda, Türkmenistanda Tatarstan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň, Tatarstanda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çykyşlarynyň geçirilmegini we beýleki çäreler barada ylalaşdylar.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň sekizinji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Tatarstanyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarstanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça netijeli pikir alyşyldy. Türkmenistanyň we Tatarstan Respublikasynyň senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň sekizinji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we RF-nyň Tatarstan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda 20-den gowrak ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi