icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

31 mart 2023

2526

Zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy

2023-nji ýylyň 29-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy.

29-njy martda öz saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory N.German bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda M.Bäşimowa Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek we sebitleýin durnuklylygy saklamak ugrunda sarp edýän tagallalary barada aýdyp, ýurduň derwaýys transmilli meseleleri çözmekde BMG we onuň hyzmatdaşary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegä taýýardygyny nygtady.

Öz gezeginde N.German sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga Türkmenistanyň yhlaslylygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek ugrunda Türkmenistanyň BMG-niň edaralary bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Amerika boýunça kömekçisi, Baş Sekretaryň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Ýença bilen duşuşdy.  Duşuşygyň dowamynda MA sebitinde we global derejede öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny berkitmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini seljerdiler.

M.Ýença Türkmenistanyň sebitleýin durnuklylygy saklamak boýunça öňjeýli ornuny belläp, Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynda BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatlaşmalary geçirmek hem-de Merkezi Aziýada Ýaşlaryň Dialogyny ýola goýmak ýaly ýurduň halkara başlangyçlaryna berk goldawyny tassyklady.  

2023-nji ýylyň 30-njy martynda türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy esasynda geçirilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Wise-prezidenti hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň başlyklygy astynda geçirilen Maslahata, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş,  Türkiýe Respublikasynyň birinji zenany Emine Erdogan,  BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ilatly nokatlar boýunça Ýerine ýetiriji dirketory Maýmynah Mohd Şarif, agza döwletleriň ýokary derejeli myhmanlary hem-de BMG ulgamynyň degişli ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.    

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça global hereketiniň başlamagy we gurnalmagy boýunça başlangyjy üçin Türkiýe Respublikasyna minnetdarlyk bildirip, aýawly ykdysadyýet görnüşlerini ösdürmek ugrunda halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bu hereketler daşky gurşawa oňaýsyz täsiri azaldyp, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy we oba ýerleriniň öňjeýli ösüşi arkaly sebitleriň arasyndaky deňeçerligiň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen ilatly ýerlerde zyňyndylary işlemek boýunça ulgamlaryň ýola goýulmagy, ýaşaýyş we senagat şertlerinde döreýän zyňyndylary ýok etmek boýunça döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky Türkmenistan tarapyndan milli derejede alnyp barylýan işler bilen tanyşyldy.

Şeýle-de 30-njy martda, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekilýeti Zyňyndysyz dünýä üçin Halkara gününi bagyşlanan ugurdaş çärä gatnaşdy.  Bu çäre Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň daşky gurşaw hem-de Ilatly nokatlar (UNEP, UN-Habitat)   boýunça maksatnamalary tarapyndan geçirildi.

Şeýle-de çäräniň dowamynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň birleşdirilmegi, döwrebap ekologiýa taýdan arassa binagärlik we gurluşyk materiallarynyň ulanylmagy arkaly hem-de şäher zyňyndylaryň nol derejesine ýetirmek ýörelgeleriniň esasynda gurulan Arkadag şäheriniň tanyşlyk dabarasy geçirildi.

Has takygy, bu şäherde häzirki zaman zyňyndysyz tehnologiýalaryň, “akylly” ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň we innowasion ekologiki usullarynyň ulanylyşy barada aýdyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi