V Aziýa oýunlarynyň poçta markalarynyň toplumy türgenler we janköýerler üçin ýadygärlik bolar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar.

 Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, Sena we pasport ýaly döwlet nyşanlarynyň biri saýylýandygy göz öňünde tutulanda, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň bezeg maksatnamasynyň nyşanlarynyň we reňk sazlaşygynyň esasynda işlenip taýýarlanan täze markalar toplumynyň çykarylmagy öňde duran bäsleşikleriň ýokary derejeliligini ýene bir gezek tassyklaýar. Çünki oýunlar sport mazmunyndan başga uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýete eýedirler we özlerinde ägirt uly ylalaşdyryjylyk gujur-gaýraty jemleýärler.

Täze poçta markalary türgenler we janköýerler üçin oňat ýadygärlik sowgatlary bolarlar we filatelistleriň marka toplumlarynyň üstüni doldurarlar.