Afrikaly bosgunlar topary sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ylgaw ýodajygynda ýaryşar

Aşgabat 2017-ä gatnaşýan bäş türgenden ybarat bolan bosgunlar topary mälim edildi we sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop bolup, onuň ýanynda başga-da iki sany wekil we tälimçi bolar.

Bäş sany bosgun türgen bolan - Polo Amotun Lokoro (1500m), Wiýual Puok Deň (400m), Gaý Ýaň Tap (800m), Ukuk Uthu Bul (3000m) we Ýeh Pur Biel (800m) “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň Naýrobide gurnan ýaryşlarynyň netijesinde Aşgabat 2017 üçin saýlandy.

Bosgunlaryň ählisi Günorta Sudandan bolup, olaryň ýany bilen gelýän dört wekil bilen birlikde olar Merkezi Aziýadaky iň iri göwrümli, köpugurly sport çäresine gatnaşýan 65 sany wekiliýetiň birini emele getirer. Bu bäş türgeniň içinden Lokoro we Biel Rio 2016 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdylar, beýleki üç türgen bolsa halkara çärelerinde ilkinji gezek ýaryşarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň sport we parahatçylyk işleri boýunça wekili bolan Lorop bosgunlaryň halkara çärelerde ýaryşyp bilmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek işine ýolbaşçylyk edýär. Ilkinji bosgunlar topary 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy we şondan bäri Kenýanyň bosgun türgenleri Kiprde, Bagama adalarynda, Ugandada hem-de Ruandada ýaryşdylar. Geçen aý topar Londonda geçirilen sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça dünýä çempionatyna hem gatnaşdy.

Kenýadan bu hepde gelen habarlarda, Loropyň bu bäş türgenli toparyň Aşgabat 2017 oýunlarynda ýolbaşçylyk edýändigi üçin örän şatdygy bellenýär.

 “Olar halkara möçberinde ýaryşmaga mümkinçilik alýandyklaryna örän tolgunýarlar. Bosgunlar üçin ýaryşmak mümkinçiligi azdyr, şol sebäpli bu olar üçin örän tolgundyryjy bir pursatdyr” diýip, 1998-2001-nji ýyllar aralygynda ylgamak boýunça ýaryşyň rekordyna eýe bolan Lorop aýdýar. “Biz öň ýaryşyp görmedik täze türgenleri ýanymyz bilen getireris, şol sebäpli indi olaryň arzuw eden mümkinçiligi amala aşar. Bu olaryň iri möçberli çärelerde öz ukyplaryny we fiziki taýdan başarjaňlygyny görkezip bilmekleri üçin aýratyn pursatdyr. Bosgunlar topary ynsanperwerlik toparydyr we muňa dünýä ýurtlary berk ynanýar.

Bäş türgen Kenýadaky bosgun türgenler bilen bile “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Kommissarynyň müdirliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça agentliginiň hemaýatkärligindäki desgalarda hem-de ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýar we türgenleşik geçýär. Kenýanyň paýtagt şäheriniň töwereginde aýlarça türgenleşik geçen bu bäş türgen ýokary derejede ýaryşa taýýar ýagdaýdadyr.

Lorop: “Edil şu pursat men guramamyzyň Ngongdaky ylgaw ýodajygynda. Türgenler bilen bilelikde ýaryşa güýçli taýýarlykly barmak üçin ylgamak boýunça wagt tutup türgenleşýäris” diýip, habar berdi.

Lorop häzirki wagtda hem 20, 25 we 30 kilometre ylgamak boýunça rekordy saklap, ol New-Ýork şäheriniň ylgamak boýunça ýaryşyny (marafon) ýeňen ilkinji afrikaly bolup, ol bu ýaryşda iki gezek ýeňiş gazandy. Ol häzirki wagtda parahatçylyk, zenanlaryň hukuklary we bilim-ylym hakda çykyş edýän bütindünýä metbugatçysydyr.

Onuň guramasynyň maksadynyň bir bölegi Kenýanyň demirgazygyndaky we Somalidaky maddy mätäçlik çekýän hem-de sowatsyz adamlary, şeýle hem halklary jemgyýetçilik ykdysady taýdan ösdürmek bolup durýar. Bu gurama Gündogar Afrika sebitindäki taýpalardan müňlerçe gatnaşyjylaryň ýygnaklara, parahatçylyk maksatly gürrüňdeşliklere we ýeňil atletika ýaryşlaryna gatnaşmagyny gurnady.

Lorop Pariž 2024 Olimpiýa oýunlarynyň wekili bolandygy üçin 13-nji sentýabrdan başlaýan Perunyň Lima şäherinde geçiriljek Halkara Olimpiýa Komitetiniň 130-njy maslahatyndan soňra Aşgabada geler. Ol öz bosgunlar toparyna 16-njy sentýabrda Aşgabatda goşular we Aşgabatdaky iri sport çäresine gelmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

“Men esasan Aşgabatdaky ýaş türgenler bilen wagt geçirmek we ol ýerdäki zenanlar bilen zenanlaryň durmuşynda sportuň ähmiýeti barada pikir alyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu meniň üçin örän wajypdyr. Bosgunlar toparynyň wekiliýeti Türkmenistanyň hökümetine bu ýörite çakylygy üçin sag bolsun aýtmak isleýär”diýip, sözüni jemledi.

Wekiliýet Aşgabat Olimpiýa stadionyna 17-nji sentýabrda açylyş dabarasyna girende uly mähir bilen garşy alynjakdygyna ynanýar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň gimni bosgunlar toparynyň gimni hökmünde ýerine ýetiriler we topar AOG-yň baýdagy astynda ýaryşar.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Bosgunlar topary Aşgabat 2017 oýunlaryna özboluşly şowhun döreder. Çünki bu topar Olimpiýa raýdaşlyk ruhuny getirýär. Biz bosgun türgenleriň wekiliýetiniň Aşgabat 2017-ä gatnaşýandygyna örän şatdyrys we olaryň açylyş dabarasynda hem-de ýaryşyň dowamynda uly şowhun bilen garşy alynjakdyklaryna ynanýarys. Geçen aý biz ýene-de bir gezek bosgunlar toparynyň ukybyny Londondaky ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda gördük” diýip belledi.

         Halkara Olimpiýa Komiteti we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Kommissarynyň müdirligi dünýädäki bosgunlar toparlaryny sporta gatnaşdyrmak üçin 22 ýyldan bäri utgaşykly işleýär. Bulara degişli gerekli işleriň ýerine ýetirilmegi üçin býujeti Halkara Olimpiýa Komiteti üpjün edýär.