Ýaryşlaryň ilkinji gününde Türkmenistanyň ýygyndysy 16 altyn medala mynasyp boldy

img

18/09/2017

117

2017-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda boldy, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 37 medal, şolardan 16 altyn, 14 kümüş hem-de 7 bürünç medal bilen umumy hasapda öňde barýar.

Ilkinji iki altyn medal jiu-jitsuwyň “duo classik” görnüşi boýunça gazanyldy. Erkekleriň jübütleýin bäsleşiklerinde birinji orny Jelilmuhammet Hojamyradow we Myrat Gimmiýew, garyşyk jübütde Jahan Durdyýewa bilen Mekan Nurjykow, “duo şouda” Patma Hojiýewa we Myrat Gimmiýew birinji orny eýeledi. Patma Hojiýewa bilen Jahan Durdyýewa “duo şou” we “duo classik” jübüt bäsleşikleriň iki görnüşinde kümüş medaly eýeledi. “Duo şou” erkekleriň jübüt bäsleşiklerinde Ahmet we Ýusup Taňryberdiýewler bürünç medala mynasyp boldy.

Günüň ikinji ýarymynda kontakt jiu-jitsu boýunça bäsleşikler geçirildi. Şonda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi. Fahraddin Abdullaýew (69 kg çenli), Begençmyrat Kakabaýew (77 kg çenli), Rüstem Penjiýew (85 kg çenli) altyn medala mynasyp boldy.

62 kg çenli agram derejede Dawut Nuryýew, Annageldi Annasähedow (69 kg çenli), Rustam Rozmetow (77 kg çenli) we Wýaçeslaw Işhanýan (85 kg çenli) kontakt jiu-jitsu boýunça kümüş medala eýe boldy.

Ýygyndy toparymyz türkmen milli göreşiniň erkin görnüşi boýunça hem üstünlikli çykyş etdi. Final bäsleşiklerine türkmenistanlylaryň 18-si gatnaşdy, şolaryň altysynda diňe ýurdumyzyň wekilleri özara duşuşmaga hukuk gazandylar, munuň özi agram derejeleriniň her birinde olara medallary kepillendirdi.

Allanur Goçow (57 kg), Nowruz Eýeberdiýew (62 kg), Döwletgeldi Berdiýew (68 kg), Sylapberdi Nuryýew (82 kg), Seýdi Batyrow (100 kg), Rejepaly Orazalyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medaly eýelediler.

Zenanlaryň ýaryşlarynda 52 kilogram agram derejesinde Laçyn Badaglyýewa, Zuhra Madraimowa (58 kg), Gülnar Haýytbaýewa (63 kg), Nasiba Sukryýewa (70 kg) altyn medala mynasyp boldy.

Ýakupnazar Ýakubow (57 kg), Toýlymyrat Durdymyradow (68 kg), Orazmämmet Welmämmedow (75 kg), Begmyrat Baýdurdyýew (82 kg), Öwezgeldi Berdiýew (90 kg), Bäşim Aýazow (100 kg), Annamyrat Myradow (100 kg-dan ýokary) türkmen milli göreşiniň erkin görnüşinde kümüş medalyň eýesi boldy. Zenanlaryň arasynda Dinara Hallyýewa (63 kg) kümüş medala mynasyp boldy.

Milli türkmen göreşiniň erkin görnüşinde kümüş baýraga mynasyp bolanlaryň hatarynda pälwanlarymyzyň 6-sy: erkekleriň düzüminde iki türgen – Derýa Abdyýew we Arslan Ibraimgulyýew hem-de zenanlaryň düzüminde 4 türgen – Maksuda Egemberdiýewa, Jahan Muhammedowa, Gulfiýa Jumaýewa we Rano Uzakowa bar.