icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

15 noýabr 2023

1729

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.

R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda we ykdysady ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek meselesinde möhüm orny ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetlerine berilýändigi mälim edildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar geçen ýylyň dekabr aýynda Tokio şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda gol çekilen infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamanyň Ýol kartasyny işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir aýtdylar.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň çäklerinde energetika, gaz-himiýa we nebiti gaýtadan işlemek pudaklardaky, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi