icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

15 noýabr 2023

2035

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitleýär. Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylda tassyklanan Howa boýunça Pariž ylalaşygyny döwletimiziň işjeň goldaýandygy we kabul edilen borçnamalara laýyklykda Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň täze neşiriniň 2019-njy ýylda tassyklanandygy nygtaldy.

Taraplar ählumumy daşky gurşaw meselelerini çözmegiň halkara, sebit we milli derejelerde tagallalary birleşdirmegi talap edýändigi barada umumy pikiri beýan etdiler. Halkara guramalary bilen utgaşdyrylan işlerde köptaraplaýyn we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy ýöriteleşdirilen gurluşy - merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjynyň möhümdigini tassyklady.

Gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ädim hökmünde şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda, Türkmenistanda we Merkezi Aziýada howa tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary işläp düzmekde bilelikdäki işleriň esasyna öwrülmäge gönükdirilen, özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler atmosferadaky metan zyňyndylaryny azaltmak meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem Ählumumy Metan borçnamasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabry aralygynda Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji mejlisiniň (COP 28) gün tertibi barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi