Olimpiýa şäherçesinde metbugat maslahaty geçirildi

Olimpiýa şäherçesindäki Halkara Media merkeziniň uly zalynda daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň sekretary A. Myradowyň, Okeaniýanyň milli Olimpiýa komitetiniň administratory Rikardo Blasyň, AOG-nyň wise-prezidenti Huseýin Al-Musallamyň we “Trivandi Chanzo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeýms Bulliniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.

“Trivandi Chanzo” Britan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeýms Bulli V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk döwründe özlerini Türkmenistanyň we türkmen halkynyň bir bölegine öwrülendigini duýandyklaryny hoşallyk bilen belledi.  

Sebitde sport merkezi hökmünde Aşgabadyň geljegi barada metbugat wekilleriň soraglaryna jogap hökmünde maslahaty alyp baryjylar esasy ünsi türgenler üçin döredilen oňyn şertlere berdiler. Hususan-da, Jeýms Bulliniň bellemegine görä, Aziada 2017 üçin ähli zat nazarda tutulan, ähli zat        adamlara-myhmanlara, türgenlere söýgi bilen taýýarlanylan we ähli zat ýokary derejede. Bu taýýarlyklaryň özeninde türkmen halkynyň ynsanperwerligi duýulýar. Bu Türkmenistan özüne ýokary derejede  olimpik hereketleri geçirmegi ynsanperwer ýörelge edinýändiginiň subutnamasydyr.   

Olimpiýa şäherçesi diýseň rahat, bu ýerde hemme binalar ykjam ýerleşen. Türkmen paýtagtyndaky olimpiýa binalaryň meşhurlygy sport dünýäsinde ösýär we ýakyn geljekde iri sport ýaryşlarynyň birnäçesiniň geçiriljek ýerine öwrüler. Onuň üçin bu ýerde hemme mümkinçilikler bar.

Aziýa, Okeaniýa we ilkinji gezek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçiligi dörän Bosgunlar toparyny gadyrly garşy alynan türkmen paýtagtynda bu gün yklymara oýunlar üstünlikli geçirilýär. Aşgabat Merkezi Aziýada  ilkinji ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçiren şäher hökmünde taryha girer. Onuň öňünde iri sport merkezi bolmagyň mümkinçilikleri dur.

Okeaniýanyň milli Olimpiýa komitetiniň administratory Rikardo Blas Oýunlara gatnaşmaga mümkinçiligi döredip berenligi üçin Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetine hoşallyk bildirip, geljekde Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek iri ýaryşlaryň birnäçesini bilelikde gurnamaga tamasynyň bardygyny beýan etdi.

AOG-nyň wise-prezidenti Huseýin Al-Musallam Oýunlaryň ýokary derejedäki guramaçylygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. «Bularyň ählisi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrebap sport infrastrukturasyny döretmegiň we ýurtda sporty ösdürmegiň ýadawsyz aladalarynyň netijesi» diýip, sözüni jemledi.