icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 dekabr 2023

1399

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygy ýokary derejede özara düşünişmek, ynanyşmak we aç-açanlyk bilen häsiýetlendirilip, depginli we yzygiderli ösýändigi mälim edildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda syýasy-diplomatik dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer we parlamentara gatnaşyklary ýaly ugurlar görkezildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň dünýä giňişliginde, Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara we sebit guramalarynda hem-de Hazar Bäşliginiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň abraýly ösýän depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Hazarýaka ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 5-nji dekabrda Moskwada geçiriljek duşuşygynyň ähmiýeti we wajyplygy geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň sammitinde gazanylan şertnamalary bilelikde durmuşa geçirmek prosesiniň logiki dowamy hökmünde ykrar edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministri, Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan bitarap, parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna ýokary baha berdi, hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň hem goşulan BMG-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy hem öz gezeginde Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we soňky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen ýigrimi kararnamalaryň awtordaşlarynyň birine öwrülendigini aýtdy.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we dünýä giňişligindäki hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ýakyn syýasy we diplomatik gatnaşyklary we gyzyklanma bilen hyzmatdaşlyk dialoglaryny dowam etdirmeklik barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi