icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 dekabr 2023

1219

Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, rowaçlyk, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-kuweýt döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.

Mejlisiň Başlygy Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ilerledilişi barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýeh ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan dostlukly türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi