icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

10 dekabr 2023

1003

Türkmenistanyň DIM-nde FAO guramasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu bilen duşuşdy.

Duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagy hem-de sanly ýer kadastry ulgamynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy barada pikir alşyldy.

Taraplar üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň we FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada belläp, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň ençemesiniň, şol sanda 2023-nji ýylyň martynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça maslahatyň geçirilendigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasyny beýan etdi.

W. Gutsu Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary barada belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda FAO bilen bilelikde oba hojalygynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine uýgunlaşmagyny üpjün etmekde wajyp ädim boljak howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça sebit maslahatynyň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde FAO-nyň ýurdumyz boýunça sebit we tehniki taslamalarynyň amala aşyrylyşynyň häzirki ýagdaýyna seredildi. Bu ugurda suw jandarlary üçin iýmleri öndürmegiň we ýerlemegiň meseleleri hem-de suw jandarlarynyň ýaşaýşyny ýokarlandyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk taslamalaryna, dowarlaryň durnukly dolandyrylyşynyň sanly çözgütlerini işläp taýýarlamaklyga we Türkmenistanda suw serişdeleriniň dolandyrylmagynyň howa şertlerine uýgunlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini artdyrmaklyga degişli resminamalaryň toplumyna gol çekmegiň wajyplygyna üns çekildi.

Gepleşikleriň gün-tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde, Türkmenistanda FAO-nyň wekilçiliginiň açylmagynyň anyk ädimleri maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi