icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 sentýabr 2017

679

Olimpiýa stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy

2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy.

Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň ajaýyp paýtagty barada giňişleýin maglumatlary ýaýratdylar. Olar özlerinde galan täsirler barada aýdyp, myhmansöýer we bereketli ülkämizi dünýä üçin täzeden açdylar.

On bir günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, ýaryşlar örän gyzykly pursatlara, janköýerler üçin ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Ol açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanmalary has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Ilkinji günlerden başlap, Türkmenistanyň türgenleri öňdeligi sakladylar we medallaryň sanawy boýunça birinji orny eýelediler. Şunda, türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň umumy sany 245-e ýetdi. Olaryň 89-sy altyn, 70-si kümüş we 86-sy bürünç medallardyr.

Stadiona ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy mähirli garşyladylar. AOG-nyň ýolbaşçysyna söz berilýär.

Ine, “Aşgabat 2017” oýunlary tamamlandy, emma biz bu ýerde geçiren ajaýyp wagtymyzy hiç wagt ýatdan çykarmarys diýip, Şeýh Ahmad Al- Fahad Al-Sabah aýtdy. Oýunlar uly üstünliklere beslendi. Bularyň ählisi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasatynyň we ünsüniň netijesidir diýip, belent mertebeli myhman nygtady we Aşgabadyň has iri sport ýaryşlaryny guramaga ukyplydygyna ynam bildirdi.

Ol türgenlere ýüzlenip, olaryň her biriniň öz ýurduna hem-de Watanynyň Baýdagyna mynasyp derejede wekilçilik edendiklerini belledi. Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah ýokary ussatlyk derejesini görkezip, köp sanly altyn medallar alan türkmen türgenlerine hoşallyk bildirip, siz öz janköýerleriňize şatlyk paýladyňyz hem-de beýleki ýurtlaryň türgenlerine myhmansöýerlik görkezdiňiz diýip aýtdy. Şeýle hem oýunlaryň hemaýatkärlerine we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine goldaw hem-de üns üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. AOG-nyň ýolbaşçysy meýletinçilere aýratyn hoşallyk bildirdi. “Siz hoşniýetliligiňiz bilen bu ýere gelen köp sanly myhmanlar üçin ýürekdeşlik ýagdaýyny döretdiňiz, iki müň ýaşly Beýik Ýüpek ýoly döwründen ata-babalaryňyzdan miras galan ajaýyp myhmansöýerlik däplerini dowam etdiňiz,” diýip, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti aýtdy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň adyndan Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna, oýunlaryň guramaçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi. Milli Liderimiz ähli türgenleri we tälimçileri geçirilen oýunlarda görkezen üstünlikli çykyşlary bilen gutlap, olara mundan beýläk-de täze üstünlikleri hem-de uly sport ýeňişlerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017” oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň marş sazy ýerine ýetirilýär. Joşgunly sazyň owazy astynda Olimpiýa stadionynda AOG-nyň Baýdagy düşürilýär we dabaraly ýagdaýda meýdançadan äkidilýär.

Ahalteke bedewiniň ägirt uly şekiliniň ýokarsyndaky çanakda on günläp ýanyp duran oýunlaryň alawuny öçürmek pursady gelip ýetdi. Wagty yzyna sanamagyň sekuntlary tiz geçýär, ony sanamaga ähli tomaşaçylar agzybirlikde goşulýarlar. Dabara gatnaşyjylar Köpetdagyň dag gerişlerinden öwüsýän mylaýym şemaly duýdular. Türkmeniň Altyn güýzüniň ýumşak şemaly öçüp barýan alawyň hem-de sahnanyň merkezindäki ojagyň üstünde ýüzärligiň ak tüssesini ýaýradýar. Munuň özi halkymyzyň asylly däbine görä, ýagşy dessurlara berilýän ak patadyr.

Stadionda jemleýji çykyşlar başlanýar.

Alypbaryjy ähli ildeşlerimiziň hem-de türgenleriň adyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýär. Şunuň bilen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi dabaraly ýapylyşy tamamlanýar. Agşam bolsa Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlarynyň uly konserti boldy.

Konsertiň jemleýji bölüminde baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň hemmesi “Aşgabat 2017-niň” senasy hökmünde kabul edilen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym — Türkmenistan!” atly aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler.

Aýdymyň tamamlanmagy bilen, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda älemgoşar öwüşginli feýerwerkler peýda boldy. Sport baýramçylygynyň jemlenýändigini äşgär eden bu ajaýyp görnüşler paýtagtymyzyň asuda asmanynda köp öwüşginli yşyklardan özboluşly sungat eserine çalymdaş şekilleri döretdi.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa stadionyna baryp gören wagtynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti Robin Mitçell bilen duşuşyklary geçirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi