icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

19 dekabr 2023

2322

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB arasynda adam hukuklary barada gepleşikler geçirildi

2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri Ý.Nuryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýanyň Brýussel şäherine sapary boldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Adalatçy, Daşary işler, Içeri işler we Adalat ministrlikleriniň wekilleri girdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň işine gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine şu aşakdakylar wekilçilik etdiler: Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa bölümi, Ýewropa Komissiýasynyň Halkara Hyzmatdaşlyk Baş Müdirliginiň we
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň wekiliýeti.

Gepleşik dowamynda taraplar hukuk ulgamyny berkitmek we adam hukuklary babatynda jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen
2021-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda Adam Hukuklary boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Adalatçynyň institutynyň 2023-nji ýyl boýunça işi doly gözden geçirildi.

Türkmen tarapy ýewropaly hyzmatdaşlaryna ýurdumyzyň hereketleriň we din azatlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalary, şeýle hem täze jemgyýetçilik guramalarynyň bellige alynmagy barada we Türkmenistanda adam hukuklary ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler barada täzelenen anyk maglumatlary berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi