icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

20 mart 2024

2055

Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasy bilen gatnaşyklary berkidýär

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara gümrük ulgamlaryna, şol sanda BGG-nyň esasy konwensiýalaryna goşulmak ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda gümrük işi pudagynda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň BGG-nyň bilim we hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitiň gümrük pudagynda hünär mümkinçiliklerini berkitmek ýolunda  möhüm ädim hökmünde çykyş etjek Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanynda BGG-nyň sebitleýin okuw merkezini döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň möhüm temasy boldy.

BGG-nyň Baş sekretary Ý.Sonders Türkmenistanyň gümrük düzgünleşdirilişindäki başlangyçlaryna we gazananlaryna ýokary baha berdi we guramanyň ýurduň gümrük ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek üçin zerur goldawy we maslahatlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi