Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda RECCA VII çygrynda Akademik forum geçirildi

2017-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik forum geçirildi.

Forumyň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň  ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, Hytaý Halk Respublikasynyň Ženmin Uniwersitetiniň barlaglary maliýeleşdirmek baradaky Çoýan institutynyň halkara barlaglar boýunça başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Allameha uniwersitetiniň professory, Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli strategiki barlaglar institutynyň ylmy işgäri, Päkistan Yslam Respublikasynyň milli goranmak uniwersitetiniň professory, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gündogar Günbatar institutynyň Stimson merkezindäki Just Security 2020 meýilnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň barşynda çykyş eden wekiller hususan-da energetika we ulag ulgamyndaky uly göwrümli ykdysady taslamalar barada aýdyp, global geosyýasy ýagdaýlaryň ösüşiniň häzirki tapgyrynda sebitleýin hysmatdaşlygyň guraly diňe bir ykdysady arkalaşyk hökmünde däl eýsem, durnuklylygy we howupsyzlygy berkitmekde tagallalaryň wajyp ýagdaýy hökmünde çykyş edýär diýip bellediler. Halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamynyň dolyhukukly agzasy hökmünde geljekde Owganystany goşmak bilen bagly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara baglnyşykly meselelerde işjeň orny eýeläp, Türkmenistan uly infrastruktura taslamalary öňe sürýär we durmuşa geçirýär. Şunlukda TAPI gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň orny bellenilip geçildi. Ulag infrastrukturasy barada aýdylanda Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunuň orny bellenilip geçildi.

Soňra forumyň işi aýratyn sessiýalar görnüşinde dowam edip, olaryň barşynda dürli edaralaryň bilermenleri energetika ulgamyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin we sebitara aragatnaşyk we infrastruktura ulgamyna baha bermek, söwda, üstaşyr geçelgeler we kommunikasiýa işiniň kadalaryny sebitleýin ýeňilleşdirmegiň mümkinçilikleri we kuwwaty, Owganystanyň ornuny nygtamak bilen sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň we integrasiýanyň ýollaryny öwrenmek meseleleri barada pikir alyşdylar.