icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

03 aprel 2024

1694

Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Darýa Bawdaž Kuret bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.

M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-slowen gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklaryň geljegi dogrusynda pikir alyşdylar. Taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýän wajyp gurallaryň biridigini bellediler.

Söhbetdeşler Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-slowen hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini, şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi