icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 aprel 2024

2093

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň şu saparynyň ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygyny belledi.

Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy döwlet Baştutanymyza Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň hem-de Premýer-ministri Irakliý Kohabidzäniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada-da gürrüň edildi. Şunda halkara hukuk binýadyny döretmekde we ösdürmekde iki ýurduň parlamentarileriniň işjeň gatnaşyklarynyň uly ähmiýeti nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar hem türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda ylym, bilim, medeniýet, sungat ugurly ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna üns berildi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyny beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Myhman Prezidente çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä we Premýer-ministri Irakliý Kohabidzä mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi