Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk boldy

2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, stats-sekretar G.B.Karasin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň özeni bolup durýan ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşini bellediler. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderleýin we ulgamlaýyn ösüşiniň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary derejedäki saparlaryň ornuny belläp geçdiler.

Gepleşikleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taraplar halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýän etdiler.

Şeýle-hem, ýokary derejede ýetilen ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar geljekde medeni, ylym we bilim ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça gyzyklanmalaryny bildirdiler.