icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 oktýabr 2017

838

Aşgabat şäherinde tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça türkmen-ýapon seminary geçrildi

2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (ANT) maslahatlar zalynda tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça türkmen-ýapon seminary geçirildi. Ýaponiýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forum,  “Aşgabat şäheriniň we onuň töwereklerindäki territoriýalarda seýsmiki gözegçilikleriň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we fiziki atmosfera institutynynyň  we Ýapon halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň  (JICA) birikmeginde guraldy.

Seminaryň işlerinde, bilelikdäki taslamanyň wekillerinden başga-da üç ýüze golaý dürli döwlet we halkara düzümdäki  hünärmenler: BMG-niň wekilhanasynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, maliýe we ykdysadyýet, bilim, gurluşyk we binagärlik, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işler boýunça ýörite müdirligiň, seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk institutynyň, nebit we gaz halkara uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky inžener tehnologiki uniwersitetiniň, “Aşgabatgaz” müdirliginiň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady - halkara öňdebaryjy işläp taýýarlamalar bilen tanyşmak we tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça ýapon tejribesinden peýdalanmak, şeýle hem  taslamanyň öňünde goýlan meseleler bilen tanyşmak,  seýsmologiki, gurluşyk we adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işler boýunça ylmy edaralaryň arasyndaky göni gatnaşygyny kesgitlemek.

Ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri howplaryň öňüni almaga gyssagly gatnaşýan we  netijesini aýyrmak boýunça işleýän guramalara bolup biljek howp barada habar bermegiň netijeli ýollaryny saýlamak boldy. Ýörite toryň taýarlanylmagy üçin dürli pudak düzümleriň her barlag döwründe, şol sanda işläp taýýarlama we maglumatlary tabşyrma, şeýle-de olaryň ulanlymagyny işjeňleşdirmek bolup durýar. Taslama ýer yranma boýunça maglumaty hemme gyzyklanýan guramalara dessin ýetirmek üçin  niýetlenen.   

  JICA agentligi tarapyndan Türkmenistana güýçli hereketi hasaba alýan döwrebap seýsmiki enjam, sifralaýyn seýsmiki beketler, maglumatlary işläp düzmek boýunça elektron serişdeleri gowşurmak meýilleşdirilýär. Institutyň hünärmenleri Ýaponiýada seýsmiki maglumatlaryň döwrebap tehnologiki işläp düzmeleri boýunça tälim alarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi